Sinhua uniwersitetiniň hytaýly alymlary Neural Electronic Opportunity (NEO) atly neýroimplantyň kömegi bilen ysmaz adamyň käbir hereket funksiýalaryny dikeltmegi başardylar. Bu adam awtomobil heläkçiliginiň netijesinde oňurga ýiligine şikes ýeteninden soň eýýäm 14 ýyl bäri el-aýak ysmazyndan ejir çekýär. Oňa çip geçen ýylyň güýzünde oturdyldy we häzir birnäçe aýlap dowam eden türgenleşikden soň ol eline suwly çüýşäni alyp bildi. Alymlar häzir hassanyň özbaşdak iýip-içip bilýändigini habar berdiler, geljekki dikeldiş işleriniň we NEO algoritmleriniň kämilleşdirilmegi netijesinde bolsa ol köp dürli hereketlere ukybyny dikeldip biler diýip, ixbt.com belleýär. Hytaý implanty, döredijileriň aýtmagyna görä, Neuralink-e garanda has howpsuzdyr. Iki teňňäniň ululygyndaky ykjam çip gönüden-göni beýniniň nerw dokumasyna implantasiýa edilmeýär: ol beýni bilen kelle süňküniň arasyndaky epidural giňişlige ýerleşdirilýär. Onuň akkumulýatory ýok: implant ýokary ýygylykly antennanyň ulanylmagy bilen gysga aralyk simsiz torundan uzakdan zarýad alýar. Implant nerw signallaryny tutýar we olary simsiz kanallar arkaly kellä berkidilen daşarky kabul edijä iberýär. Soňra signallar işlenilip, dakylýan ellik gurluşyna geçirilýär. Onuň kömegi bilen bolsa adam dürli predmetleri alyp bilýär. Bu Hytaýda implantyň adam beýnisine oturdylan ilkinji ýagdaýydyr. Mundan öň synag haýwanlarda geçirildi. NEO ulgamy 10 ýylyň dowamynda işlenip taýýarlandy we geçen ýylyň güýzünde alymlar ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda synag geçirmek üçin häkimiýetden rugsat aldylar. Heniz implantyň giňden ulanylyşyna rugsat berilýänçä, köp sanly synaglar geçiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir