Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Blankeneze sebiti gurbagalaryň we howdan tritonlarynyň populýasiýasynyň azalmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy, bir ýylyň içinde gurbagalaryň sany üçden bir azaldy. Report agentliginiň Bild neşirine salgylanyp habar bermegine görä, bu mesele bilen baglylykda “Ýaşyllar” partiýasyndan ýerli syýasatçylar gurbagalar üçin polatdan we betondan dört tunneliň gurluşygyna tas ýarym million ýewro bölüp bermek kararyna geldiler. Ýöne bu karardan ýerli salgyt töleýjileriň ählisi nägile boldy, olar şeýle çykdajylary esassyz hasaplaýarlar. Şeýle-de, olar tunnelleriň hereketli ýollaryň aşagyndan däl-de, asuda köçeleriň we welosiped ýodalarynyň aşagyndan gurlandygyny belleýärler. Muňa garamazdan, gurluşykçylar täze tunnelleriň Blankenezede gurbagalaryň we howdan tritonlarynyň populýasiýasyny saklamaga kömek etjekdigine ynanýarlar. Geçen ýyl ýerli tebigaty goraýjylar müňden gowrak gurbagany hasaba aldylar, bir ýyldan soň bolsa olaryň sany 616 birlige çenli azaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir