Kwentin Tarantino üçünji gezek öz filmleriniň surata düşürilişine Bred Pitti çagyrdy. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Golliwud ýyldyzy meşhur režissýoryň “Kino tankytçysy” atly soňky filminde surata düşer. Bu barada gazeta.ru belleýär. Häzirki wagtda Pittiň kimiň keşbini ýerine ýetirjekdigi belli däl. Geçen gezek aktýor “Günleriň bir güni Golliwudda” filminde ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Ol Tarantinonyň “Biabraý nejisler” (“Inglourious Basterds”) filminde-de surata düşdi. Tarantino iň soňky filminiň sýužetini aýan etmeýär. Öň, ol filmiň wakalarynyň 1977-nji ýylda Kaliforniýada bolup geçýändigini we onuň hakykatdanam ýaşan, ýöne hiç haçan meşhur bolmadyk kino tankytçysynyň durmuşyna esaslanýandygyny gürrüň beripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir