Samsung smartfonlar üçin özbaşdak bejeriş programmasyny 2022-nji ýylda işe girizdi, häzir bolsa onuň gerimi has giňeldildi. Sarp edijileriň özbaşdak bejerip biljek gurluşlarynyň täzelenen sanawyna telewizorlar, monitorlar, noutbuklar, saundbarlar we hatda bir proýektor hem girdi diýip, ixbt.com habar berýär. Gurluşlaryň doly sanawy şeýle görnüşde: Smartfonlar: Galaxy Z Fold5; Galaxy Z Flip5; Galaxy S23, S23 Plus, S23 Ultra, S23 FE; Galaxy S22, S22 Plus, S22 Ultra; Galaxy S21, S21 Plus, S21 Ultra; Galaxy S20, S20 Plus, S20 Ultra. Planşetler: Galaxy Tab S9, S9 Plus, S9 Ultra, S9 FE, S9 FE Plus; Galaxy Tab S7 Plus. Noutbuklar: Galaxy Book2 Pro 15; Galaxy Book2 Pro 360 15; Galaxy Book2 Pro 360 5G 13.3; Galaxy Book Pro 15; Galaxy Book Pro 360 15. Telewizorlar: 77" Class OLED S90C TV; 98" Class Samsung Neo QLED 8K QN990C TV; 75" Class The Frame – Disney100 Edition; 65" Class The Frame – Disney100 Edition; 55" Class The Frame – Disney100 Edition; 85" Class The Terrace Full Sun Samsung Neo QLED 4K LST9C. Proýektorlar: Freestyle Gen 2 with Gaming Hub Monitorlar: 27" ViewFinity S9 5K Monitor; 34" ViewFinity S65UC Ultra-WQHD; 34" ViewFinity S65VC Ultra-WQHD; 57" Odyssey Neo G9 Dual 4K UHD; 27" M80C Smart Monitor 4K UHD; 27" M70C Smart Monitor 4K UHD; 27” Odyssey G55C Gaming QHD. Saundbarlar: HW-A445; HW-S80CB; HW-S68CB; MX-ST5CB. Kompaniýa özbaşdak bejerer ýaly bu sanawdaky ähli gurluşlar üçin original ätiýaçlyk şaýlaryny, gurallary we ädimleýin gollanmalary hödürlär. Ýöne bu programmanyň diňe ABŞ-nyň bazaryna degişlidigini bellemek gerek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir