Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel mandatynyň ahyryna çenli öz wezipesinde galjakdygyny we Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlara gatnaşmajakdygyny aýtdy. Ol bu barada özüniň «Facebook» sahypasynda ýazdy. Ýewropa Geňeşiniň başlygy kararyny özüne köp sanly tankytlaryň gönükdirilendigi bilen düşündirdi. «Şol sebäpden häzirki wezipämi doly ýerine ýetirmek we üpjün etmek üçin Ýewropa saýlawlaryna gatnaşmaýaryn» diýip, Mişel ýazgyny paýlaşdy. Şeýle hem ol özüniň aç-açan hereket edendigini we Ýewropa Geňeşinden gitmegine taýynlyk görmegi üçin meýilnamalaryny öňünden yglan edendigini aýtdy. Şeýle hem Mişel negatiw reaksiýanyň derejesine kembaha garandygyny boýun aldy. Ýewropa Geňeşiniň başlygy ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň «geljegi barada oýlanmak üçin özüne wagt aýyrjakdygyny» aýtdy. Ozal Şarl Mişeliň 2024-nji ýylyň tomsunda möhletinden öň wezipesinden gitjekdigi habar berlipdi. Syýasatçy Ýewropanyň deputaty bolmak isleýärdi we munuň üçin oňa häzirki wezipesinden gitmek gerekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir