«Samsung» kompaniýasynyň inženerleri dürli tarapa uzalyp bilýän displeýi bolan smartfonyň nähili görnüp biljekdigini görkezdiler. Bu barada lenta.ru «The TechOutlook» neşirine salgylanyp habar berýär. Žurnalistler internetde koreý korporasiýasynyň patentini tapdylar. Suratlara salgylansak, «Samsung» tarapyndan teklip edilen telefonyň inedördül korpusy we açylýan ekrany bar. Ekrany zerurlyga baglylykda, dürli taraplara uzaldyp bolýar. Oýlap tapyşyň beýanynda, ulalýan displeýiň mehanizminiň çeýe bölekden we birleşdirijiden ybaratdygy aýdylýar. Birleşdiriji çeýe paneli islendik tarapa çekmäge mümkinçilik berýän we pružin täsirini döredýän görnüşde işlenip düzülipdir. Mundan başga-da, resminamada şeýle dizaýnyň çeýe ekrana berklik berjekdigi we epinleriň aradan aýryljakdygy aýdylýar. Žurnalistleriň bellemeklerine görä, eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdebaryjy bolan «Samsung» geljekki enjamlary döredende täze tehnologiýalary ulanyp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir