«Google» amerikan korporasiýasynyň «Google Research» bölüminiň emeli aň ulgamy boýunça hünärmenleri «Lumiere» atly tekste esaslanýan wideokontent generatoryny döretdiler. Topar öz işleri baradaky hasabaty «arXive» ylmy neşirleriň platformasynda ýerleşdirdi. Düşündirişe görä, täze neýroulgam «kitap okaýan iki ýenot» ýaly gysga jümlelere laýyklykda, ýokary durulykly taýýar wideolary döredip biler. «Google» täze guralyň tehnologiýasyny «rewolýusion U-Net giňişlik-wagt arhitekturasy» diýip häsiýetlendirýär. Ol emeli aň modeliniň bir seansynda wideo döretmek üçin döredildi. Gural noldan wideo döredip ýa-da isleglere laýyklykda, taýýar klipleri redaktirläp biler. Şeýle hem «Lumiere» statiki şekili janlandyrmagy hem başarýar. «Google» entek «Lumiere» guralyny köpçülige elýeterli hyzmat etmegi meýilleşdirip-meýilleşdirmeýändikleri, eger meýilleşdirýän bolsalar munuň haçan boljakdygy barada aýtmady. Bu «Lumiere» tarapyndan awtorlyk hukugynyň kanunlaryny bozýan wideolaryň döredilmegi esasynda ýüze çykyp biljek ýuridik netijeler bilen baglanyşykly bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir