Galaxy S24 Ultra synçylaryň we blogerleriň eline düşeninden soň, dürli synaglary başdan geçirdi: betona gaçyryldy, aýnasy çyzyldy we ş.m. Bellemeli ýeri, bu synaglaryň ählisinde-de smartfon ýokary çydamlylygy görkezdi. Bu gezek bolsa Galaxy S24 Ultra suw bilen doňaklyk synagyndan geçmeli boldy diýip, ixbt.com belleýär. Wideonyň awtorynyň aýdyşy ýaly, smartfon salnan gap suw bilen doldurylandan soň 5-6 sagatlap doňduryjyda goýuldy. Bu synagda smartfona Pixel 8 Pro we iPhone 15 Pro Max hem ýoldaş boldy. Synagyň netijesinde Galaxy S24 Ultra-nyň suwdan we doňaklykdan gorkmaýandygy belli boldy. Buz eräninden soň, ähli flagmanlar öz işe ukyplylygyny dikeltdiler. Galaxy S24 Ultra-nyň bolsa dinamikasynyň we kameralarynyň işleýşi aýratyn barlandy, netijede hiç bir zada zeper ýetmändigi anyklanyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir