JATO Dynamics we Car Industry Analysis kompaniýalary awtomobil bazarynyň seljermesiniň deslapky maglumatlaryny hödürlediler, oňa laýyklykda 2023-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil Tesla Model Y boldy. 2023-nji ýylda tutuş dünýäde şeýle awtomobillerden jemi 1,32 mln sanysy satyldy diýip, championat.com belleýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Tesla Model Y satuwynyň ösüşi 64% boldy, ýöne bu 2021-nji ýylyň görkezijisinden pesdir, şol ýyl satylan elektromobilleriň sany 91% artdy. Şeýle-de, Tesla Model Y Ýewropada we Hytaýda hem iň köp satylan awtomobil boldy. HHR-de şeýle awtomobillerden 456 müňden gowragy satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür. Ikinji orunda Toyota RAV4 ýerleşdi – 2023-nji ýylda bu awtomobil 1,07 mln gezek satyn alyndy. Liderleriň üçlügini ýapon markasynyň başga bir wekili – 1,01 mln birlik bilen Toyota Corolla jemleýär. Seljerme dünýäniň dürli sebitlerinden, şol sanda ABŞ-dan we Kanadadan, Ýewropadan, Russiýadan we Hytaýdan maglumatlary jemledi. Gözlegçiler has jikme-jik we takyk maglumatlary soňrak neşir etmegi meýilleşdirýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir