2023-nji ýylda 4-18 ýaş aralygyndaky çagalar TikTok-a her gün ortaça 112 minutyny sarp edip, bu bir ýyl mundan öňki 107 minut bilen deňeşdirilende köpdür. Şeýle-de bolsa, dünýädäki 400 000-den gowrak maşgalanyň we mekdebiň endiklerini öwrenen, ene-ata gözegçiligi üçin programma üpjünçiligini öndürijiniň hasabatyna görä, YouTube bu demografik toparyň arasynda dünýäniň iň uly akym programmasy bolmagynda galýar. Şeýle hem hünärmenler çagalaryň OpenAI-iň ChatGPT-y ýaly täze tehnologiýalary ulanyşyna garadylar. ChatGPT-iň saýty geçen ýyl köp girilişi boýunça 18-nji orunda boldy, dünýädäki çagalaryň takmynan 20% -i oňa girdi. ABŞ-da oňa çagalaryň 18,7% -i girdi we umumy hasapda 32-nji boldy. Awstraliýada iň uly meşhurlyga eýe boldy: 2023-nji ýylda bu saýta çagalaryň 24% -i girdi. YouTube we onuň YouTube Kids-i täze rekordlar goýdy, ikinjisiniň tomaşa ediliş wagty dünýäde 14% artyp, bir günde ortaça 96 minut boldy. Bu Qustodio-nyň 2019-njy ýylda maglumat ýygnap başlaly bäri bellän iň ýokary görkezijisidir. YouTube-yň tomaşa ediliş wagty 70 minut boldy, bu geçen ýylky 67 minutdan köpdür. Netflix 2023-nji ýylda bahalaryny ýokarlandyran hem bolsa, dünýäniň çagalarynyň arasynda meşhurlygy boýunça ikinji ýerde durýar. Bu hyzmatdan çagalaryň 40% -i peýdalanýar. Birinji ýerde çagalaryň 63% -i tarapyndan ulanylýan YouTube, üçünji ýerde Disney + durýar. Oňa çagalaryň 20%-i girdi. Çagalaryň arasynda sosial media programmalaryny ulanmak 2023-nji ýylda has meşhur bolup, olaryň zyýanlydygy ene-atalary we kanun çykaryjy edaralary alada goýýar. TikTok bu kategoriýadaky programmalaryň arasynda iň meşhury bolmagynda galýar, ony çagalaryň 44% -i ulanylýar, Facebook bolsa meşhurlygy boýunça ikinji ýerde, ondan çagalaryň 38%-i peýdalanýar. Geçen ýyl Twitter rembrendingiň netijesinde bu demografik toparyň 38%-i X platformasyny ulanyp, bu 2022-nji ýyldaky 30%-den ýokary boldy. Metanyň WhatsApp-i iň meşhur habarlaşma programmasy bolmagynda galýar. Bu dünýädäki çagalaryň 37% -i tarapyndan ulanylýar. Şeýle hem hasabatda ene-atalaryň çagalary tarapyndan tehnologiýalaryň ulanylyşyna gözegçilik etmek we monitoring meselesine nähili çemeleşmelidigi hem-de geljekde nämä garaşmalydygy baradaky sowallara deglip geçilýär. Qustodio ene-atalara 2023-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli AI gurallarynyň ýaýramagynyň ýylda 40% töweregi artmagynyň mümkindigini duýdurdy, emma kiçi ýaşly çagalaryň (10 ýaşdan 13 ýaş aralygy) arasynda diňe 6% -i AI-niň işjeň ulanyjylarydygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir