Mersedes-Benz Emiratyň Binghatti jaý gurluşyk şereketi bilen bilelikde Dubaýda başy gökdirän Mercedes-Benz Places ýaşaýyş jaýyny gurar, ondaky öýleriň hersiniň bahasy 10 million dollar bolar diýip, Inc. habar berýär. Kaşaň diňiň gurluşygyna 1 milliard dollar sarp ediler. 65 gatly bina Dubaýyň gyzgalaňly şäher merkezinden, takmynan, 341 metr belentlige galar. Gurluşyk işleri 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanar. Awtoulag öndürijisiniň web sahypasynda aýdylyşyna görä, binada dünýäniň iň beýik minarasy - 828 metr beýiklikdäki Burj-Halifany synlap boljak 150 öý bolar. Golaýda Binghattiniň kaşaň awtoulag öndürijisi Bugatti bilen ýaşaýyş jaý taslamasyny durmuşa geçirýändigini habar beripdik. Bu kompaniýa üçin binada awtoulaglary penthouslara daşamak üçin liftler bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir