Jennifer Lopeziň Nuyorican Productions kompaniýasy Bob the Builder (“Gurluşykçy Bob”) çagalar multserialynyň esasynda dörediljek animasion doly metražly multfilme prodýuserlik eder. Baş gahrymana aktýor, ses režissýory we “Gremmi” baýragynyň eýesi Entoni Ramos ses berer diýip, Mattel habar berýär. Muny life.liga.net ýetirýär. Asyl nusgadaky multserial 25 ýyl mundan ozal ilkinji gezek görkezildi. Ol 1999-njy ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda ýaýlyma berildi we 12 möwsüme eýedir. Sýužetiň merkezinde gurluşyk potratçysy Bobuň we onuň dostlarynyň başdan geçirmeleri durýar. Doly metražly multfilmde Bob Puerto-Rikodaky uly gurluşyga gidýär. Ol ýerde ada zyýan ýetirýän meseleler bilen göreşýär. Mattel baş gahrymanyň syýahatyny Karib basseýniniň latynamerikan ýurtlarynyň we olaryň halklarynyň dürli hili aýratynlyklaryny açyp görkezmegiň usuly hökmünde häsiýetlendirýär. “Gurluşykçy Bob” Mattel-iň häzirki wagtda işjeň işlenýän kino taslamalarynyň biridir. Onuň goldaw bermeginde çykan ilkinji lenta “Barbi” filmi boldy. 2023-nji ýylda ol girdeji ýygymy boýunça rekord goýdy we ýakyn wagtda sekiz kategoriýada “Oskar” baýragy üçin bäsleşer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir