Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg we syýahatçylaryň sanyna çäklendirmeler giriziler. Bu barada Yahoo! salgylanyp, rbclife.ru ýazýar. Şeýle çözgüt Ýamanasi prefekturasynyň hökümeti tarapyndan kabul edildi. Täze talaplar 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan, daga çykmak üçin 70 günlük tomusky möwsüm başlanda güýje girer.​ Ilkinji nobatda, bu çäreler Fudziniň demirgazyk eňňidindäki meşhur Ýosida ýodasynda syýahatçylaryň akymyny çäklendirmek üçin girizilýär. Ol ýere gelýänleriň sanynyň ep-esli artmagy sebäpli, ýodada zibilleriň taşlanmagy, tejribesiz alpinistleriň şikes almagy ýaly meseleler ýüze çykyp başlady. Geçen ýyl Fudzi dagyna 221​ 322 syýahatçy çykdy, şolaryň 62%-i (137​ 236) Ýosida ýodasyny saýlap aldy. “Şeýle-de, Ýamanasi prefekturasy çäklendirmeleriň we tölegiň girizilmegi bilen tejribesiz alpinistleriň dogry dynç almazdan ýokary çalt çykmak synanyşyklarynyň öňüni almak isleýär” – diýip, Yahoo! belleýär. Alnan serişdeler wulkan atylan ýagdaýynda gaçybatalgalary gurmak we syýahat ýodalaryny saklamak üçin gönükdiriler. Fudzi Ýaponiýada iň beýik dagdyr (3776 m). Ol Ýaponiýanyň mukaddes nyşany hasaplanýar. Onuň töwereginde we özünde ybadathanalar hem mukaddes ýerler bar. Gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýada daga çykmak dini ybadat hasaplanypdyr, şol bir wagtyň özünde Fudzi iň meşhur syýahatçylyk ýerleriniň biridir. 2013-nji ýylda dag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti statusyny aldy. Ol Ýaponiýadaky iň uly Honsýu adasynda ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir