Çikago uniwersitetinden amerikan hünärmenleriniň topary suratkeşleriň asyl eserlerini emeli aň arkaly göçürilmekden goramak üçin niýetlenen «Nightshade» atly programma guralyny döretdi. Bu barada gazeta.ru Techcrunch portalyna salgylanyp habar berýär. «Nightshade» şekilleri «kölegelemek» diýlip atlandyrylýan usul bilen üýtgedýär. Ol şeýdip faýlyň maglumatlaryny üýtgedýär, şeýlelikde, neýroulgam «kölegelenen» faýly gaýtadan döredip bilmeýär. «Nightshade» taslamasynyň ýolbaşçysy professor Ben Çžao bu guraly "ofis sowadyjysyndan ogurlanmazlygy üçin günortanlyk naharyna ajy sous goşmak" bilen deňeşdirdi. «Nightshade» şekillerdäki pikselleri redaktirläp, tekst ýazgylarynyň arasyndaky baglanyşyklary nyşana alýar, bu bolsa emeli aň modelleriniň adamyň görýän şekillerinden düýpgöter başgaça şekili döretmegine sebäp bolýar. Modeller «kölegelenen» faýllaryň aýratynlyklaryny ýalňyş görkezer we eger olara ýeterlik derejede üýtgedilen maglumatlar boýunça tälim berlen bolsa, talaba gabat gelmeýän grafikalary döredip başlar. Durnukly diffuziýanyň (emeli aň bilen şekil döretmek usuly) netijesini zaýalamak üçin «Nightshade» bilen «zäherlenen» 100-e golaý nusga gerek. «Bu birleşigi dolandyryp we ony ýoýup, modellere sygyrlaryň dört tegelek tekeri, bamperi we goş goýulýan bölümi (bagažnik) bardygy hakynda pikir etdirip bilersiňiz. Sygyr çekmek haýyş edilende, olar sygryň ýerine uly «Ford» awtoulagyny çekerler» diýip, professor Çžao düşündirdi. Innowasiýanyň awtorlary beýle usul bilen döredijilikli emeli aňa esaslanýan işewürligi ýok etjek bolmaýandyklaryny, diňe model eýeleriniň hudožnikleriň eserlerini neýroulgamlaryny türgenleşdirmek üçin mugt ulanmagynyň öňüni almak isleýändiklerini öňe sürýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir