Adam derisi – adamyň daşarky dünýä bilen baglanyşygyny üpjün edýän iň uly organdyr. Ol galtaşyga, temperatura we basyşa duýgurdyr. Bu häsiýetleri emeli materiallarda dörettmek örän kyndyr. ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň alymlary bu meseläni nanoinženerlik gidrogellerini peýdalanyp çözmäge synanyşdylar. Olar 3D çap enjamynda çap edilen gyjyndyrmalara egilip, süýnüp we jogap berip bilýän elektron deri (E-skin) döretdiler. «Duýgurlyk duýgusyny döretmek we ony dürli tehnologiýalara ornaşdyrmak adam bilen maşynyň özara täsiri üçin täze mümkinçilikler açýar» diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler Ýörite işlenip düzülen molibden disulfidiniň nanobölejikleri «derä» elektrik we ýylylyk geçirijilik ukybyny berýär. Bu material çygly ýüzlere ýapyşmagy başarýar, bu bolsa ony lukmançylykda ulanmak mümkinçiligini döredýär. Geljekde elektron derini hassanyň möhüm görkezijilerine yzygiderli gözegçilik edýän lukmançylyk enjamlary, protezler, innowasion robotlar, ykjam enjamlar we howpsuzlyk ulgamlary üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir