2023-nji ýylda Wengriýadaky ýolagçy otlulary jemi bäş ýyl sekiz aý gijigip geldi. Şeýle maglumatlary Wengriýanyň MAV demir ýol kompaniýasy getirýär diýip, Telex internet neşirine salgylanýan TASS ýazýar. Ýolagçylar ulagyň gelmegine jemi 3 million minut garaşmaly boldular, bu bolsa, takmynan, bäş ýyl sekiz aý diýmekdir. Şeýle-de bolsa, Wengriýanyň otlularynyň ýolda bolan umumy wagty bilen deňeşdirilende, alty ýyla golaý gijä galmak beýle uzak möhlet dälem ýaly diýip, Telex belleýär. 2023-nji ýylda olaryň ýolda geçiren umumy wagty 176 ýyl 6 aý boldy. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýyldaky görkeziji soňky ýedi ýylda - MAV täze hasaplama usulyýetini girizeninden bäri iň ýaramazy boldy. Işler 2020-nji ýylda has gowudy, ýöne bu diňe koronawirus pandemiýasy wagtynda ýolagçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, gatnawlaryň sanynyň kemeldilmegi bilen baglanyşykly şeýle boldy. Demirýol kompaniýasy otlularyň gijä galmagynyň esasy sebäbi elektrik liniýalarynyň ýolunmagy, lokomotiwleriň döwülmegi we howa şertleriniň ýaramazlygy bilen bagly boldy diýip görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir