TikTok ulanyjylara synag režiminde 30 minutlyk wideo ýüklemäge mümkinçilik berdi. Platforma meşhurlyk gazanan gysga wideo formatyndan kem-kemden daşlaşýar diýip, TechCrunch-a salgylanýan Inc. habar berýär. Täze wariant Angliýa üçin programmanyň beta wersiýasynda bellendi. TikTok deslap 15 sekuntdan köp bolmadyk gysga wideolar bilen meşhurlyk gazandy, soň bolsa çäk bir minuta, soň üç, soň bolsa 10 minuta çenli köpeldi. Gysga wideolar onda häzir hem köp. Uzynlygy 30 minuda çenli bolan wideolary ýüklemek mümkinçiligi beta-synag görnüşinde galjakmy ýa-da ähli ulanyjylar üçin elýeterli boljakmy, entek belli däl. TikTok-yň Douyin diýlip atlandyrylýan hytaý dilindäki görnüşinde (bu programma Pekinde ýerleşýän ByteDance kompaniýasyna degişli) şeýle dowamlylykdaky wideo 2022-nji ýyldan bäri elýeterli. Ýakynda biz TikTok-yň aýratynlygynyň ýene bir täze potensialy - emeli aň ulanyp aýdym döretmek ukyby barada habar berdik.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir