Toyota 2023-nji ýylda Ýewropada (Lexus awtoulaglaryny hem goşmak bilen) 1173419 sany awtoulag satdy. Brendiň iň meşhur awtoulagy Yaris Cross krossoweri boldy (185 569 sanysy satyldy) diýip, Motor1-e salgylanýan IXBT.com habar berdi. Şereketiň iň köp satylan ikinji awtoulagy Toyota Corolla (166925), üçünjisi Toyota CH-R ykjam krossoweri boldy. Ýewropalylaryň Prius gibridine (2755) garanda, elýeter bahaly Toyota GR86 (4041 awtoulag satyldy) sport ulagyny satyn almagy makul bilendigi bellärliklidir. Hünärmenleriň pikiriçe, munuň birnäçe düşündirişi bar. Birinjiden, Ýewropadaky Prius iň uly motor gammasyna eýe däl: mysal üçin adaty gibridi ýok - diňe plug-in gibrid görnüşi hödürlenýär. Ikinjiden, täze Prius-yň müşderilere gowşurylyşy 2023-nji ýylyň başyndan başlanmady. GR86-nyň meşhurlygynyň mümkin bolan üçünji sebäbi, ýakyn wagtda onuň bazardan gitjegidir: Ýewropada 2024-nji ýylyň ahyrynda bu modeliň satuwy bes ediler. Käbir ýewropaly müşderiler mümkinçilik bar wagty awtoulag satyn alyp galmak isleýärler.