ABŞ-nyň häkimiýetleri emeli aň bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin täze düzgünleri girizýär. Bu, esasan, OpenAI we Google ýaly uly oýunçylara degişli bolar diýip, ferra.ru habar berýär. Indi şeýle kompaniýalar hökümeti düýpli emeli aň modelleriniň işlenip taýýarlanylyşy barada habardar etmeli bolarlar. Talap ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda yglan eden buýrugynyň bir bölegidir. Buýruga laýyklykda, kompaniýalardan federal hökümeti habardar etmek we milli ýa-da ykdysady howpsuzlyga, şeýle-de jemgyýetiň saglygyna çynlakaý howp salýan islendik düýpli model üçin howpsuzlyk synaglarynyň netijeleri bilen paýlaşmak talap edilýär. Ýatlap geçsek, OpenAI-den GPT-4 we Google-dan Gemini ýaly modeller generatiw emeli aň çat-botlary üçin esas bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, GPT-4-üň hökümet tarapyndan gözegçiligi talap edýän hasaplaýyş kuwwatynyň çägine, ähtimal, ýetmeýändigi bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir