“Deňiz nyşany” atly dünýädäki iň uly kruiz gämisi Florida ştatynyň Maýami portundan Karib deňziniň adalarynyň ugry boýunça ýedi günlük ilkinji syýahatyna ugrady. Gäminiň uzynlygy 365 metr. Bu rekord derejedir. Has dogrusy, rowaýata öwrülen “Titanik” gämisinden (269 m) takmynan, 100 metr töweregi uzyndyr. Gämini suwa goýbermek dabarasyna futbol boýunça dünýä çempiony, Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň kapitany, “Inter Maýaminiň” oýunçysy Lionel Messi hem gatnaşdy. Ýolagçylaryň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän, 40-dan gowrak restorana eýe bolan bu gämi 7,600 ýolagçyny kabul etmäge ukyplydyr. Şeýle hem tropiki ösümliklere eýe bolan uly bolmadyk seýilgäh, teatr, karaoke, tennis we woleýbol meýdançalary, çagalar üçin attraksionlar we akwapark ýolagçylaryň hyzmatynda. Gämi Bagam adalarynda hasaba alyndy we 2 milliard amerikan dollary bahasy bilen Finlýandiýada guruldy. Bu ýüzýän “güýmenje seýilgähiniň” hereketlendirijileri suwuklandyrylan gazda işleýär. Bu bolsa daşky gurşawy goraýjylar tarapyndan metanyň atmosfera çykmagyna sebäp bolýandygy bilen tankytlanylýar. “Cruise Lines” halkara birleşiginiň habaryna görä, gämi pudagy, esasan hem ýaşlary özüne çekýän syýahatçylyk pudagynyň iň çalt ösýän pudaklaryndan biridir. 2021-nji ýylda bu syýahatçylyk pudagy ABŞ-nyň 75 milliard dollary möçberinde dünýä ykdysadyýetine goşant goşdy. Agramy 250,800 tonna we uzynlygy 365 metre golaý bolan bu gämi häzirki wagtda dünýädäki iň uly kruiz gämisi bolmagynda galýar.