Russiýanyň "RŽD" APJ Aşgabat-Arkadag ugry boýunça täze demir ýol ugruny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu ugur boýunça sebitleýin ýolagçy ekspress otlusy gatnaw eder. Diňe elektrik togunda işlejek otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär. Infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini rus kompaniýasynyň wekiliýeti "Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri bilen maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem "Demirgazyk-Günorta" halkara demir ýol geçelgesi boýunça ýük daşamalary ilerletmek boýunça gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem Gyzylarbat şäherinde wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek hakynda ylalaşdylar. Beýleki meýilnamalaryň hatarynda - bitewi logistika operatoryny döretmek, Türkmenistanda "RŽD-niň" wekilhanasyny açmak meseleleri bar. Şeýle hem türkmen demirýolçylaryny RŽD-niň Korporatiw uniwersitetinde okatmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça "RŽD Logistika" PJ bilen "Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi" APJ-nyň arasyndaky Ähtnama goşmaça Ylalaşyga, şeýle hem "RŽD Interneşnl" bilen "Demirýollary" AGPJ-nyň arasynda degişli resminamalara gol çekildi. Aşgabatdan Arkadaga çenli aralygy (30 km) otlynyň näçe tizlik bilen geçip biljekdigi barada TmCars baryp geçen ýylyň maý aýynda habar beripdi. Şeýle hem biz RŽD-niň wekiliýeti üçin Arkadag şäherine we "Sarahs" stansiýasyna saparlaryň guralandygyny habar beripdik.