Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletleriniň hukuk ugrundan bilim alýan, şeýle-de hukuk ulgamynda işleýän ýaşlarynyň 24-si 2024-nji ýylyň 16 — 22-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzugy boýunça geçirilen «MIRAI» okuw maksatnamasyna gatnaşyp, bilimdir tejribelerini artdyrdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralan maksatnama Türkmenistandan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Nurberdiýew, Dursunjemal Ýylkybaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow türkmen talyplaryna wekilçilik etdiler. Maksatnama gatnaşanlar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Ýokary kazyýetinde, Keio uniwersitetiniň hukuk fakultetinde, Nişimura&Asahi hukuk firmasynda, Adalat ministrliginiň Halkara adalat merkezinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Uzak Gündogar boýunça Jenaýatyň öňüni almak we jenaýatçylara çemeleşmek boýunça institutynda guralan okuw derslerine, seminarlara gatnaşdylar. Ýaşlar Ýaponiýanyň kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzuklary boýunça bilim aldylar. Okuw meýilnamasyndan daşgary oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň taryhy, ýapon halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşdylar. Meşhur Tokio diňine, gadymy «Asakusa» meýdançasyna, Senso-ji ybadathanasyna, ýapon seýilgählerine guralan gezelençler bu halky has ýakyndan tanamakda örän ähmiýetli boldy. Gezelençleriň dowamynda ýapon milli tagamlary dadyldy. Çaý dabarasynyň çäklerinde «matça» çaýyny taýýarlamak we içmek medeniýeti öwrenildi. Fuji dagyna, Oşino Hakkaý we Fuji dagynyň Bütindünýä miras merkezine guralan gezelençler hem örän täsirli pursatlara beslendi. Oşino Hakkaý — Fuji dagynyň eteginde ýerleşýän, meşhur sekiz sany kölden ybarat bolan syýahatçylyk nokady. Bütindünýä miras merkezi bolsa bu ajaýyp dagyň medeni we tebigy ähmiýetini has çuňňur öwrenmek üçin döredilen muzeýdir. Maksatnamanyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar Ýaponiýanyň medeni mirasy, taryhy we däp-dessurlary, «Hukugyň hökmürowanlygy» boýunça öwrenen zatlary barada ýurduň Daşary işler ministrliginde hasabat bilen çykyş etdiler. Maksatnama gatnaşyjylara gysga möhletli okuwlary üstünlikli tamamlandyklary barada degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir