Ilon Mask X (öňki Twitter) sosial ulgamyna täze - sporta goýum goýmak aýratynlygyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa BetMGM sanly oýun platformasy bilen şertnama baglaşar diýip, Fortune salgylanýan Inc. habar berýär. Täze aýratynlygyň sport oýunlarynyň san maglumatyny gönüden-göni saýtda görkezjekdigi, şeýle hem BetMGM-de utuşlaryňyzy ýa-da utulyşlaryňyzy barlap boljak baglanyşygyň boljakdygy bellendi. BetMGM Las-Wegasda ýerleşýän MGM Resorts International myhmanhana kompaniýasynyň onlaýn sport goýumlary bölümi. Ol, takmynan, 15 milliard dollarlyk kaşaň myhmanhanalaryň portfeline eýe. Sport goýumlarynyň san maglumatynyň birleşdirilmegi iki kompaniýa üçinem möhüm artykmaçlyk bolar. BetMGM üçin bu hyzmatdaşlyk X-iň ummasyz köp ulanyjylaryna ýetmek üçin göni kanaly üpjün edýär, X bolsa öz gezeginde hakyky wagt statistikasyny birleşdirmek arkaly täze ulanyjylary özüne çekip we goşmaça girdeji gazanyp biler. Şeýle-de bolsa, platformanyň ýokarlanýan trafige hötde gelip bilmegi we durnukly işlemegi kompaniýa üçin gaty möhümdir. Hyzmatdaşlygyň anyk maliýe şertleri aýan edilmese-de, mahabat we komissiýa arkaly iki kompaniýa üçinem girdejiniň gelmegine garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir