ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan halkara alymlar topary guşlaryň, itleriň, arylaryň we beýleki jandarlaryň görüşlerini gaýtalaýan wideokamerany döretdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Reňk, çuňluk we beýleki görüş mümkinçilikleri gözümizdäki fotoreseptorlaryň düzümi, kolbojyklaryň we taýajyklaryň toplumy ýaly beýleki biologiki mehanizmler bilen kesgitlenýär. Ýarganatlar we çybynlar ýaly haýwanlar hem-de mör-möjekler infragyzyl ýagtylygy, kebelekler we käbir guşlar bolsa ultramelewşe ýagtylygy görüp bilýärler. Iki reňk hem adamlara görünýän reňkleriň spektriniň daşyndadyr. Topar 3D çap usulynda çap edilen göçme enjamy döretdi. Onda ultramelewşe şöhlesini görünýän ýagtylykdan aýyrýan şöhle bölüji ýerleşýär, olaryň hersi aýratyn sensor arkaly ýazylýar. Kamera dört reňkli kanalda – gök, ýaşyl, gyzyl we ultramelewşe görnüşinde wideo düşürýär, soňra bolsa haýwanlaryň göz reseptorlary barada alymlaryň bilýänlerine esaslanyp, belli bir haýwanyň gözi bilen düşürilen ýaly görünmek üçin gaýtadan işlenýär. Soňra algoritmler şekilleri deňleşdirýär we wizuallary dürli haýwanlaryň nukdaýnazaryndan hödürleýär. Ortaça takyklyk 92% deň boldy, ýöne käbir synaglar 99% oňyn netije berdi. «Biz ekologlar we kinematograflar üçin haýwanlaryň reňkleri kabul edişini çaltlyk bilen ele alyp hem-de görkezip bilýän enjamlary we programma gurallaryny hödürleýäris» diýip, barlagyň uly awtory Daniel Henli belledi.