Telekeçi Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasy 28-nji ýanwarda ilkinji gezek adam beýnisine implant oturtdy. Bu barada TASS habar berýär. “Ilkinji adam implant aldy, dikeldiş [operasiýadan soň] gowy geçýär” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy. Deslapky maglumatlara görä, enjamyň iş görkezijisi köp zady wada berýär. Telekeçi Neuralink-iň ilkinji önüminiň Telepathy diýlip atlandyrylandygyny belledi. Ol adama pikiriň güýji bilen telefony we kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berer. Maskyň aýtmagyna görä, ilkinji ulanyjylar öz el-aýagyna diýen etdirijiligi ýitiren adamlar bolar. “Stiwen Hokingiň öz pikirini ýokary tizlikli tekst ýygyjysyndan ýa-da auksionçydan hem çalt beýan edip biljekdigini göz öňüne getiriň. Maksat şeýledir” – diýip, milliarder düşündirdi. Neuralink startapy 2016-njy ýylyň iýul aýynda Mask tarapyndan döredildi we geljekde adam beýnisine oturdyp boljak çipleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Işewür şeýle neýroulgamlaryň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmaga mümkinçilik berjekdigine hem-de adamlara pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir