2023-nji senenama ýylynyň dowamynda Ýaponiýanyň Toyota konserni, şol sanda onuň golçur kompaniýalary Daihatsu we Hino tutuş dünýäde 11,23 mln awtomobil, ýük ulagyny we awtobus satyp, rekord goýdy. Bu görkeziji korporasiýanyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Satuwyň ösüşi ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 7,2%-e barabar diýip, ixbt.com habar berýär. Toyota dünýäde 10,3 mln awtomobil satyp, yzygider dördünji gezek öz ýakyn bäsdeşi Volkswagen-den öňe geçdi. Volkswagen-iň satuwy 9,24 mln birlik boldy. Toyota-nyň satuwynyň ösüşi dünýäniň ähli sebitlerinde diýen ýaly islegiň durnukly bolmagy hem-de ýarym geçirijileriň ýetmezçiliginiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, Toyota kompaniýalar topary 2023-nji ýylda 11,5 mln awtomobil, ýük ulagyny we awtobus çykaryp, önümçiligiň rekord derejesine ýetdi. Bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 8,6% ösüşi aňladýar. Toyota bilen Volkswagen awtomobilleriň global satuwynda öňdebaryjylyk üçin göreşi dowam etdirýär. Toyota 2020-nji ýylda liderlige gaýdyp geldi we iki awtomobil ägirdiniň arasyndaky tapawudy ýylsaýyn artdyrýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir