«Samsung» korporasiýasy «Galaxy S24» seriýaly smartfonlary rekord mukdarda satmagy başardy. Bu barada lenta.ru ZDNet neşirine salgylanyp habar berýär. Kompaniýa Günorta Koreýada 19 – 25-nji ýanwar aralygynda deslapky sargytlar boýunça 1,21 million sany enjam satmagy başardy. Deňeşdirsek, öňki «Galaxy S23» seriýasyna degişli enjamlaryň 1,09 million sanysy satylypdy. «Galaxy S24» seriýasy 17-nji ýanwarda tanyşdyryldy. Öňünden sargytlaryň 60 göterimi iň ýokary derejeli «Galaxy S24 Ultra» modeli üçindir. Ulanyjylaryň 21 göterimi «Galaxy S24+», 19 göterimi «Galaxy S24-i» saýlady. Sarp edijiler esasan gara reňkli titan smartfonlary saýlaýarlar. Bellenilmegine görä, «Galaxy S24» smartfonlary 2019-njy ýylda satuwa çykarylan we 1,38 million nusgada satylan «Galaxy Note 10» enjamlarynyň meşhurlygyndan öňe geçip bilmedi. Emma şol döwürde kompaniýa deslapky sargyt boýunça ýüz tutmalary 7 gün däl-de, 11 gün kabul etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir