Ispaniýanyň «Sewilýa» klubunyň horwat futbolçysy Iwan Rakitiç Saud Arabystanynyň «Al-Şabab» toparyna geçmezden ozal lukmançylyk barlagyndan geçdi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Bellenilmegine görä, 35 ýaşly ýarymgoragçy Saud Arabystanynyň kluby bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşar. Rakitiç Şweýsariýanyň «Bazel» toparynyň uçurymydyr, ol karýerasynyň dowamynda Germaniýanyň «Şalke», Ispaniýanyň «Sewilýa» we «Barselona» toparlarynda çykyş etdi. Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 106 oýna gatnaşdy we 15 pökgi geçirdi. Milli ýygyndy toparyň düzüminde 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda kümüş medala eýe boldy. Bu möwsüm ol «Sewilýanyň» düzüminde 27 oýna gatnaşdy, iki pökgi geçirip, dört ýardam pasyny berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir