«Sewilýanyň» goragçysy Serhio Ramos Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen oýunlaryň sany boýunça argentinaly hüjümçi Lionel Messiden öňe geçdi. Bu barada žurnalist Pedro Martin özüniň «X» sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda habar berdi. Ramos Ispaniýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Osasuna» bilen duşuşyga gatnaşdy (1:1). Goragçy üçin bu Ispaniýanyň çempionatyndaky 521-nji oýun boldy. Ol La Ligadaky oýunlaryň sany boýunça 520 duşuşyga gatnaşan Messiden öňe geçip, sekizinji ýeri eýeledi. Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen oýunlaryň sany boýunça rekord Andoni Subisarreta we Hoakine (622) degişlidir. Ramos 2023-nji ýyldan bäri «Sewilýada» oýnaýar. Onuň klub bilen baglaşan şertnamasy 2024-nji ýyla çenli dowam edýär. Goragçy bu klubda 2004-2005-nji ýyllar aralygynda oýnady. Şeýle hem Ramos Ispaniýada «Realyň» düzüminde çykyş etdi. Ramos bu möwsüm Ispaniýanyň çempionatynda 13 duşuşyga gatnaşyp, bir pökgi geçirdi.