Hytaýly alymlar tibet sygyrlarynyň ýitip gitmek howpy abanýan iki görnüşini ilkinji gezek klonladylar diýip, mail.ru «China Daily» neşirine salgylanyp habar berýär. Hünärmenler klonlamak üçin Tibetde tapylan Çžanmu we Apeiýszýaza tohumlaryny saýladylar. Netijede, ýanwar aýynda her tohumdan dört erkek göle almak başartdy. Şeýlelik bilen Tibet tohumyna degişli iri şahly mallarynyň ilkinji gezek üstünlikli klonlanandygy bellenilýär. Ozal, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda «SinoGene» kompaniýasynyň baş direktory Mi Szidun hytaýly alymlaryň dünýäde ilkinji bolup Arktika möjegini klonlandyklaryny habar berdi. Ilkinji möjek çagasy Harbin polýar seýilgähiniň sargydy esasynda klonlanyldy. Kompaniýa bu netijeleri ýitip barýan ýabany görnüşleri goramak we köpeltmek ugrundaky öňegidişlik diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir