Ýaponiýanyň awtomobil konserni Toyota Motor potratçy Toyota Industries Corporation tarapyndan üpjün edilen dizel hereketlendirijileriniň güýji baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy sebäpli Ýaponiýadaky dört zawodynda alty önümçilik hatarynyň işini wagtlaýyn togtatdy. Bu maglumatlary NHK teleýaýlymy berýär we zawodlardaky önümçiligiň togtadylmagynyň 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli dowam etjekdigini belleýär. Mundan öň, Toyota birnäçe dizel hereketlendirijisiniň we bu hereketlendirijiler bilen üpjün edilen 10 modeliň, şol sanda Land Cruiser 300 we Hilux ýaly meşhur awtomobilleriň üpjünçiligini togtatmak kararyna geldi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir