Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ikinji möhlete saýlanmaga dalaş eder. Bu barada "Bişkek agşamy" neşiri Respublikanyň başlygynyň metbugat sekretary Askat Alagozowyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Ol: "Ýurdumyz üçin strategiki ähmiýetli uzak möhletli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini we meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Sadyr Žaparowyň ikinji möhlete geçiriljek saýlawlara gatnaşmagy syýasatda yzygiderli ädim bolar" – diýdi. Žaparow 2021-nji ýylda prezident boldy. Gyrgyzystanyň kanunçylygyna girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, ýurduň indiki prezidenti alty ýyl däl-de, bäş ýyllyk möhlete saýlanar. Mundan başga-da, şol bir adam indi iki gezek prezidentiň wezipesini eýeläp biler. Gyrgyzystanda 2027-nji ýylda prezident saýlawlarynyň geçirilmegine garaşylýandygyny bellemelidiris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir