Korporasiýanyň emeli aň tehnologiýasy üçin ulanýan çiplerine patent hukugynyň bozulmagy bilen baglanyşykly kazyýet işinde Google parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagy başardy diýip, Reuters habarlar gullugy habar berýär. Kazyýet işi Singular Computing kompaniýasynyň arzasy boýunça geçýän kazyýetiň gutarnykly diňlenişiginiň başlanjak güni çözüldi. Arza beriji maglumatlary kompýuterde gaýtadan işlemekdäki täzeliklerini birugsat ulanandygy üçin Google-dan 1,67 milliard dollarlyk zyýanyň öwezini dolmagy talap etdi. Hususan-da, Singular korporasiýanyň tehnologiýasyny Google Search, Gmail, Google Translate we beýleki kompaniýa hyzmatlarynda AI aýratynlyklaryny goldaýan prosessorlara goşandygyny nygtady. Singular-yň 2019-njy ýyldaky arzasynda kompaniýanyň esaslandyryjysy, Massaçusets ştatynyň kompýuter alymy Jozef Beýtsiň 2010-njy we 2014-nji ýyllar aralygynda kompýuter gaýtadan işleýiş täzeliklerini Google bilen paýlaşandygy aýdylýar. Singular-yň pikiriçe, tehnologiýa ägirtleriniň emeli aň mümkinçiliklerini giňeldýän Google-yň datçik prosessorlary Beýtsiň tehnologiýasyny göçürýär we iki patenti bozýar. Google-yň we Singular-yň aklawçylary şertnamany tassykladylar, ýöne jikme-jiklikleri ýaýratmadylar. Google-yň wekili Hose Kastaneda kompaniýanyň Singular-yň patent hukuklaryny ​ bozmaýandygyny we "bu işiň çözülendigine begenýändigini" aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir