ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (Federal Aviation Administration, FAA) Boeing kompaniýasyna ýanwar aýynyň başynda 737-9 MAX uçarynyň howada gapysynyň gopmagy bilen bagly bolup geçen wakadan soň 737 MAX uçarlarynyň önümçiligini giňeltmegi gadagan edýär. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär. Şeýle-de, FAA waka bilen baglylykda uçuşy togtadylan 171 sany 737-9 MAX uçarynyň barlamak we abatlamak işlerini tassyklady. Bu proses üstünlikli tamamlanandan soň, olar ulanylyşa gaýtarylyp bilner. “Biz prosesiň dowamynda ýüze çykarylan hil näsazlyklarynyň düzedilendigine göz ýetirýänçäk, Boeing-iň önümçiligi giňeltmek islegini kanagatlandyrmarys we 737 MAX-yň goşmaça önümçilik hataryny tassyklamarys” – diýip, FAA-nyň ýolbaşçysy Maýkl Uitaker aýtdy. Ýanwar aýynyň başynda Alaska Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-9 MAX uçary howada, takmynan, 5 km belentlikde gapysyny ýitirenden soň Portlendiň howa menziline mejbury gonmaly boldy. Ýolagçylaryň hiç biri zyýan çekmedi. Awiagatnadyjy Boeing-den uçary 2023-nji ýylyň noýabr aýynda aldy. Şondan soň FAA ABŞ-nyň howa giňişliginde Boeing 737-9 MAX uçarlarynyň uçuşyny we olaryň amerikan awiakompaniýalary tarapyndan ulanylyşyny wagtlaýyn togtatmagy buýurdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir