Amerikanyň täze Nova-C gonuş enjamynyň Aýa uçurylyşy fewral aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Bu barada NASA salgylanyp, Interfax.ru habar berýär. Peýdaly ýük hökmünde enjam NASA-nyň bäş sany ylmy-gözleg guralyny göterer. Uçuryşy Floridanyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Intuitive Machines kompaniýasy tarapyndan döredilen Aýa gonuş enjamy fewral aýynyň ahyrynda Aýyň Günorta polýusyndan 300 km uzaklykda gonmaly bolar. Missiýa üstünlikli bolan ýagdaýynda, Nova-C Aýa gonan ilkinji hususy amerikan enjamy bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir