Motor1 neşiriniň habaryna görä, Ford kompaniýasy dünýädäki 2,2 million Ford Explorer kysymly awtoulaglaryny yzyna çagyrýar. Mesele öňdäki stoýkanyň nakladkasynyň ygtybarly berkidilmezliginde. Bu kemçilik 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli öndürilen awtoulaglara degişli. Ford-yň resmi wekili bu kemçiligiň ulaglaryň umumy sanynyň takmynan 5%-ine täsir edip biljekdigini aýtdy, ýöne kompaniýa bu modeliň eýelerini ulagy gözden geçirtmek üçin dellallar bilen habarlaşmaga çagyrýar. Diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bu modeliň 1,8 million sanysynyň yzyna çagyrylandygy bellendi. Geçen ýyl Ford ABŞ-da jemi, takmynan, 6,1 million bolan 58 modeli yzyna çagyrypdy.