Geljekde «Samsung» kompaniýasynyň enjamlaryna gandaky şekeriň derejesini kesgitleýän monitor goşular. Bu barada «Bloomberg» «Samsung» kompaniýasynyň ykjam saglygy goraýyş bölüminiň başlygy Hon Paka salgylanyp habar berýär. Hünärmeniň bellemegine görä, koreý korporasiýasy inwaziw däl glýukometri – derini sançmazdan, ganyň düzümindäki şekeriň derejesini seljermäge mümkinçilik berýän enjam döretmegi meýilleşdirýär. «Eger-de biz gan basyşyny we glýukozanyň derejesini yzygiderli ölçäp bilsek, onda «oýnuň» ykbalyny üýtgederis» diýip, Pak nygtady. «Samsung» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň çaklamalaryna görä, inwaziw däl usulda glýukoza gözegçilik edýän enjam bäş ýylyň içinde ol ýa-da beýleki görnüşde bazara çykyp biler. Pak: «Biz miniatýurizasiýadan başlap, glýukozanyň derejesine ol ýa-da beýleki gözegçiligi ýa-da şolaryň aralygyndaky hyzmatlary edip biljek dürli tehnologiýa platformalaryna çenli ähli wariantlara seredýäris» diýip, belledi. Şeýle hem Hon Park ulanyjylaryň adamlary aladalaryndan daşlaşdyrman, saglyk görkezijilerini seljerjek akylly enjam isleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol «Samsung» kompaniýasynyň ýanwar aýynyň ortalarynda yglan eden «Galaxy Ring» enjamynda şuňa meňzeş funksiýalaryň girizilip bilinjekdigine degişli pikiri öňe sürdi. «Bloomberg» «Samsung-yň» bäsdeşleriniň biri bolan «Apple-iň» hem inwaziw däl glýukometr döretmek mümkinçiligini öwrenýändigini aýtdy. 2021-nji ýylda amerikan kompaniýasynyň «Apple Watch» sagatlaryna şuňa meňzeş monitor goşjakdygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir