Demirgazyk Gesseniň ýaşaýjysy, 38 ýaşly lukman we iki çaganyň ejesi Juliýa Şnelle, «Dünýäniň iň gözel zenany – 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, HNA we «Hit Radio FFH» habar berýär. Bäsleşik Las Wegasda geçirildi. Ol bu derejä mynasyp bolan ilkinji nemes zenany boldy. «Men bagtly, özümi rahat duýýaryn we özüme buýsanýaryn» diýip, dünýäniň täze iň gözel zenany belledi. Ol edilen taýýarlygyň özüni ödändigini aýtdy. Ýeňiji bu derejäniň çagalar we ýetginjekler üçin taslamalaryny öňe sürmegine kömek etjekdigine umyt edýär. HNA «Dünýäniň iň gözel zenany» bäsleşiginde esasy zadyň diňe bir daşky görnüş bolman, eýsem, oňa gatnaşyjylaryň öňe sürýän sosial taslamalarydygyny nygtaýar. Şnelleniň taslamasy – itler we atlar bilen psihoterapiýadyr. Mundan başga-da, ol her ýyl Floridadaky täjirçilik maksatly bolmadyk «Island Dolphin Care» bejeriş merkezinde meýletinçi hökmünde agyr maýyplygy bolan çagalara we ýaralanan esgerlere kömek edýär. Bu edarada ol delfinleriň kömegi arkaly hassalar bilen işleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir