Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk hekini öndürýän täze kärhanany gurmak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Gurluşyk taslamasyna gatnaşmaga isleg bildiren taraplar kanunçylyk-hukuk ýagdaýy baradaky resminamalaryň nusgalary bilen birlikde ýüz tutmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşmak töleglidir we bu işiň ýerine ýetirilendigi baradaky hasap kagyzy görkezilmelidir. Gurluşyk taslamasy boýunça teklipler Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýynda ýerleşýän ministrligiň edara binasynda 30 günüň dowamynda kabul edilýär diýip, ORIENT habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir