Porsche täzelenen Porsche Taycan-yň tanyşdyrylyş dabarasyny yglan etdi. IXBT.com-yň habar bermegine görä, awtoulag ýazda 2025-nji ýylyň modeli hökmünde hödürlener. Taycan hatarynyň wise-prezidenti Kewin Gik täze modeliň has ýokary tizlik, uzak aralyga ýöreýiş ätiýaçlygy we kuwwatyny toplumlaýyn gowulandyrmak ýaly, ähli ugurlarda diýen ýaly gowulaşandygyny aýtdy. Ol Taycan 2025-de bolup geçen özgerişlikleriň şeýle bir ähmiýetlidigini, onuň “düýbünden täze model ýaly” boljakdygyny aýdýar. Porsche häzirki wagtda täze önümiň prototiplerini synagdan geçirmegi dowam etdirýär. Olar Kaliforniýadaky Ölüm jülgesinden başlap fin Arktikasyna çenli dürli şertlerde jemi 3,6 million kilometr ýol geçdiler. Awtoulag 17 ýurtda -41° C-den 53° C-ä çenli temperaturada synag edildi.