Opel nemes kompaniýasy şu ýyl Frontera modelini hödürlär. Şeýle ady göteren ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtomobiller 1991-nji ýyldan 2004-nji ýyl aralygynda çykarylypdy. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. “Täze Opel Frontera uly salon giňişligi we uniwersallygy bilen tapawutlanar, şonuň üçin-de işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan müşderileriň hem, maşgalalaryň hem göwnünden turar. Täzeden dikeldilen Opel Frontera nemes markasynyň täze Opel Blitz nyşanly ilkinji seriýaly awtomobili bolar” – diýlip, habarda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, awtomobil elektrik güýç gurluşyna eýe bolar. Onuň kuwwatlylygy, şeýle-de beýleki tehniki häsiýetleri barada premýera golaý belli bolar.