Disney-iň 100 ýyllygy mynasybetli Hyundai Motor we Disney DreamWorks kompaniýalary Hyundai Ioniq 5 Disney100 Platinum Edition awtomobilini döretdiler. Bu barada ixbt.com habar berýär. Awtomobil ABŞ-da resmi dilerlerde 1000 birlik çäkli tiraž bilen peýda boldy. Onuň başlangyç bahasy 59 400 dollar, şeýle-de alyjy eltip berme hyzmaty üçin 1 375 dollar tölemeli. Bu awtomobil Stardust Gold Matte reňki bilen reňklenen, ol 20 dýuým eksklýuziw ýeňil erginden ýasalan disklere we gara logotiplere eýe boldy. Awtomobiliň gapdal taraplary Disney100 Platinum Edition nyşanjyklary bilen bezeldi. Awtomobil iki reňkli goňur-çal salona eýe boldy. Oturgyçlaryň kelle goýulýan ýerleri we merkezi tirseklikler, halyçalar we gapy kartalar bolsa Disney-iň 100 ýyllygyna bagyşlanan logotipler bilen bezeldi. Haçan-da awtomobil işledilende, enjam panelinde Disney temaly animasiýa görkezilýär. Hyundai Ioniq 5 Disney100 Platinum Collector’s Edition 320 at güýjüne barabar bolan iň ýokary kuwwatly we 418 km ýol ätiýajy bilen doly herekete getirijiniň iki motorly ulgamy bilen üpjün edildi. Hyundai Motor Disney-iň ýüzýyllyk baýramçylygynyň eksklýuziw awtomobil hemaýatkäridir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir