Amerikaly kompozitor Jon Uilýams iň gowy aýdym-saz üçin “Oskar” kino baýragyna dalaşgär görkezildi. Ol “Indiana Jons we ykbal çarhy” filmi üçin saz ýazdy diýip, championat.com habar berýär. Şeýlelikde, bu 91 ýaşly kompozitor üçin kinosungat akademiýasynyň baýragyna eýýäm 54-nji nominasiýa boldy. Ol pudagyň häzir ýaşaýan ähli wekilleriniň arasynda bu görkeziji boýunça rekordy saklaýar – Uilýams diňe “Oskara” 59 gezek dalaşgär görkezilen Uolt Disneýden yza galýar. Şeýle-de, şu ýyl filme iň gowy aýdym-saz üçin baýragy Robbi Robertson (“Gül Aýynyň ganhorlary”), Lora Karpman (“Amerikan harsal eseri”), Lýudwig Ýoransson (“Oppengeýmer”) we Jerskin Fendriks (“Garyplar-betbagtlar”) alyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir