Meşhur amerikan aktýory, prodýuser we restler Dueýn Jonson TKO Group Holdings, Inc. kompaniýasynyň müdirler geňeşine goşuldy. Bu barada geňeşiň wekili Wins Makmen habar berdi diýip, championat.com belleýär. “Ýeriň ýüzünde sportuň, güýmenjäniň, habar beriş serişdeleriniň we biznesiň arabaglanyşygyna Jonson ýaly gowy düşünýän adam kän däl. Biz onuň TKO-nyň müdirler geňeşine goşulandygyna we kompaniýamyzy täze derejä çykarmaga kömek etjekdigine buýsanýarys” – diýip, guramanyň metbugat gullugy Makmeniň sözlerini getirýär. Belläp geçsek, TKO Group Holdings, Inc 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyryldy. Ol WWE (amerikan restling-promouşeni) bilen UFC-niň (Absolýut söweş çempionaty) birleşmeginiň netijesinde gurnaldy. Ýatlap geçsek, Jonson 51 ýaşynda. Ol taryhda iň beýik restlerleriň biri hasaplanýar. Öň, ol WWE-de çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir