2024-nji ýylyň aprel aýynda Kanadada Albertanyň Çagalar hassahanasynyň gaznasyna hemaýat etmek üçin 263 sagatlyk hokkeý oýny geçiriler. Bu barada Strathmorenow habar berýär diýip, championat.com belleýär. Dünýädäki iň dowamly hokkeý oýny 5-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda geçiriler. 40 türgen çagalaryň rak keselini bejermäge pul ýygnamak we Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin yzygider 263 sagat hokkeý oýnar. “Oýunda MHL-iň düzgünleri hereket eder, şonuň üçin kimdir biri şikes alsa, biz ony çalşyp bilmeris. Öň bizde uýlugyny we dyzyny operasiýa etmeli bolan oýunçylarymyz boldy. Oýunçylar çaganyň janyny halas etmek üçin köpräk pul ýygnamak umydy bilen köp zatlary başdan geçirdiler” – diýip, çäräniň guramaçysy Aleks Halat aýtdy. 2022-nji ýylda toplanan serişdeler immunoterapiýa gönükdirilen çaganyň rak keselini öwreniş maksatnamasyna goldaw berdi. 2024-nji ýylda toplanan serişdeler bar bolan kliniki synaglaryň sanynyň artmagynyň hasabyna köp sanly çagalara Kalgaride bejerginiň täze usullaryny almaga kömek eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir