MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen boks düzgünleri boýunça bolup biljek söweş barada aýtdy. Habar berlişi ýaly, taraplaryň ikisi-de söweş geçirmäge razy. Fýodoryň aýtmagyna görä, söweşi geçirmek üçin diňe maliýe meselesini çözmek galdy diýip, championat.com belleýär. “Söweşi Saud Arabystanynda geçirmek meýilleşdirildi. Meniň wekillerimiň we Taýsonyň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe gepleşikler geçirildi. Söweş boks düzgünlerine laýyklykda bolar. Bu 12 raundlyk bolar diýip pikir edemok, ýöne düzgünler heniz maslahatlaşylar. Iki tarapyň hem razylygy bar, ýöne maliýeleşdirme bolmaly. Häzir ähli mesele maliýeleşdirmekde, ýöne ýakyn wagtda ähli zat bolarmyka diýýärin. Ähli zat başa barar diýip umyt edýärin” – diýip, Fýodor Ýemelýanenko YouTube kanalynda aýtdy. Öň, Fýodor Ýemelýanenko boks düzgünleri boýunça Maýk Taýson bilen söweş geçirmek isleýändigini aýdypdy, ýöne amerikaly hormatyň alamaty hökmünde russiýaly söweşiji bilen tutluşykdan ýüz öwürdi. Ýatlap geçsek, Fýodor Ýemelýanenko 47, Maýk Taýson 57 ýaşynda. Russiýaly garyşyk başa-baş söweşdäki professional karýerasyny 2023-nji ýylyň fewral aýynda tamamlady. Amerikaly karýerasyny tamamlandygyny 2005-nji ýylda mälim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir