Netflix kompaniýasy maýadarlar bilen gürrüňdeşlikde “Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümini şu ýylyň ahyryna çenli çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy, ýöne takyk senäni heniz mälim etmedi. Şeýle-de, serwis şu ýyl “Imperator aýal”, ‘Brijertonlar” we “Diplomat” seriallarynyň täze möwsümlerini çykarmak isleýär. “Öňe tarap ylgamak bilen, belläp geçsek, käbir taslamalary yza süýşüren geçen ýylky iş taşlaýyşlara garamazdan, biziň 2024-nji ýyl üçin uly meýilnamalarymyz bar” – diýip, Netflix belleýär. “Kalmar oýny” serialy ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Netflix-de görkezildi we global hadysa öwrüldi. Bu serial tutuş dünýä boýunça adamlary haýran etdi. Ol çykan gününden 28 günüň dowamynda 1,65 mlrd sagatdan gowrak tomaşa ýygnady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir