Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlaryň nobatdaky tapgyryna ýazylyşygyň başlanandygyny yglan etdi. Türkmenistan özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasa, tebigy hem taryhy ýadygärlikleriň giň toplumyna eýe. Ýurdumyzyň gözel künjekleri, taryhy ýerleri dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylyk akymlarynyň artmagy bilen, bu ugurda edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak babatda işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda daşary ýurtly syýahatçylara ýolbeletçilik etjek hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär. Şonuň çäklerinde Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» hünäri boýunça ýolbeletleri taýýarlaýan gysga möhletleýin okuwlaryna ýazylyşyklaryň dowam edýändigini habar berýär. Bu okuwlaryň barşynda syýahatçylyk ugurlary, syýahatçylyk pudagynyň aýratynlyklary, ekskursiýa işiniň özboluşlylygy hem-de hünäriň etikasy bilen bagly bilimler berilýär. Dil taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Okuwlaryň dowamlylygy — 3 aý. +99312 36-48-15; +99365 96-66-13 Giňişleýin maglumat üçin: www.syyahatohom.edu.tm

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir