Aprel aýynda «Nokia» brendiniň hukuklaryna eýelik edýän «HMD Global» täze smartfonlary çykarar. Bu barada lenta.ru «91mobiles» neşirine salgylanyp habar berýär. «HMD-niň» iki enjamy eýýäm 2023-nji ýylyň dekabrynda «IMEI» maglumatlar bazasynda görüldi. Soňra ilkinji enjamyň bazardaky köpçülikleýin sarp edijilere gönükdiriljekdigi we şeýlelik bilen, «HMD-niň» çykarmakdan ýüz öwren arzan «Nokia» smartfonlarynyň ornuny tutjakdygy mälim edildi. «Nokia-nyň» oruntutary solgun örtükli plastik korpusa eýe bolar we arka panelinde goşa kamera hem «HMD-niň» nyşany ýerleşdiriler. Enjam IPS displeýi we ekranyň kesiminde selfi kamerasy bilen üpjün ediler, öçürip-ýakmak we ses düwmeleri enjamyň sag tarapynda ýerleşer. Hünärmenler hasaba alnan ýene-de bir smartfon barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bolsa, bu enjam ilkinji enjamyň başga bir nusgasy bolup biler. «HMD» brendi astyndaky ilkinji smartfonyň aprel aýynda Hindistanda satuwa çykaryljakdygy bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir