Dubaýda 225 metrlik gorizontal (kese) panoramo binasynyň gurluşygy tamamlanýar. Ol dünýädäki iň uzyn konsol binasy bolar. Taslama Ýaponiýanyň Nikken Sekkei binagärlik studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy diýip, Dezeen habar berýär. The Link diýlip atlandyrylýan bu konsol One Za’abeel atly iki sany beýik binany birleşdirýän köpri görnüşindäki gorizontal panorama binasydyr. Iki diňiň beýikligi – 241 m (57 gat) we 304 m (67 gat). Polat karkasdan we aýnadan ybarat konsol alty zolakly awtoulag ýolundan 100 m belentlikde ýerleşýär. Onuň agramy 9 müň tonna barabar. Bu gorizontal binada restoranlar, 360 gradus syn bilen syn ediş meýdançasy, basseýn, spa, şeýle-de söwda toplumy we myhmanhana otaglary ýerleşer. One Za’abeel hem täjirçlik, hem ýaşaýyş jaý emlägini öz içine alýan köp funksionally toplumdyr. Bu ýerde apartementler, myhmanhanalar, köp sanly barlar, restoranlar we güýmenje ýerleri bolar. Iki dik binanyň gurluşygy 2016-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli dowam etdi. The Link-iň gurluşygyny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir